«Take-Two Interactive Software» kompaniýasy kompýuter oýunlaryny döredýän we paýlaýan «Zynga»-ny satyn almagy maksat edinýär. Bu şertnama käbir maýadarlar tarapyndan oňyn teswirlenýär. «Take-Two Interactive Software» kompaniýasynyň 60 taslamasy bolup, ýakyn geljekde rekord derejede maliýe netijelerini gazanmagy meýilleşdirýär.
«Zynga» 2021-nji ýylyň dört çärýeginde ABŞ-nyň 282 million dollaryndan gowrak nagt girdeji gazandy. «Take-Two Interactive Software» hem-de «Zynga» bilelikde iň uly mahabat we oýun platformasyny döretmegi maksat edinýärler.