«Walmart» we «FedEx» kompaniýalary öz flotuna müňlerçe «General Motors» elektrik awtoulaglaryny goşmagy meýilleşdirýändiklerini habar berdiler. «Walmart» Detroýtda ýerleşýän awtoulag öndürijisi bilen 5000 «BrightDrop» awtoulagyny ätiýaçlandyrmak üçin täze şertnama baglaşdy. Maglumat üçin, «BrightDrop»-yň ilkinji müşderisi «FedEx» geçen aý «GM» awtoulagyndan 500 sanysyny satyn alandan soň goşmaça sargyt beripdi. Şeýle-de «FedEx» ýakyn ýyllarda ýene 2000 ulag satyn almak barada şertnama baglaşandygyny mälim etdi. «FedEx»-iň sebitleýin prezidenti Riçard Smitiň pikiriçe, bu sargytlar 20 müň elektrik awtoulagyna çenli ösüp biler.