Lukmançylyk amallary üçin enjamlary öndürýän «Stryker» korporasiýasy aragatnaşyk çözgütlerini üpjün ediji «Vocera Communications» kompaniýasyny satyn almak arkaly innowasiýa kuwwatyny güýçlendirýär.
«Stryker» bilen «Vocera»-nyň arasyndaky birleşmek şertnamasyna gol çekildi. Geleşik wagtynda «Vocera»-nyň paýnamalaryna ýokary baha berildi. Bu bolsa lukmançylyk ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy üçin maýa goýujylara oňyn başlangyçdyr.