«ConocoPhillips» kompaniýasy paýdarlaryň ýokary tölegleri bilen organiki işewürligiň ösüşini birleşdirýär. Kompaniýa geljek on ýylda önümçiligini, ortaça, 3% ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Hut şu maksat bilen, kompaniýa yzygiderli «M&A» geleşiklerini alyp barýar. ABŞ-nyň kompaniýalarynyň aglabasy ýaly, «ConocoPhillips» hem çärýekde bir gezek diwidend töleýär. 2022-nji ýylyň ahyryna çenli kompaniýanyň diwidendleriniň köpelmegine we her paýnamasynyň ABŞ-nyň 1,96 dollaryndan bahalanmagyna garaşylýar. Bu girdejiniň 2,7%-ine deňdir.