Täze ýylyň goşa şatlygy

29 Dekabr 2021
1994

Täze ýyl her bir öýe, her bir ojaga rysgal-bereket, şatlyk getirýär. Türkmenabat şäherinde ýaşaýan Hanyýewleriň maşgalasynda hem bu ajaýyp baýrama uly buýsanç, tolgunma bilen garaşylýar. Çünki mundan 22 ýyl ozal iki ýaş juwan — Akmyrat Hanyýew bilen Sadap Meredowanyň durmuş toýy hut şu baýramçylyk günlerinde tutulypdy. Şondan bäri ençeme aýlar, ýyllar geçdi. Bagtyýar maşgalada on perzent dünýä indi, kemala geldi. Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda türkmenistanly sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren eneleriň ençemesi bilen bir hatarda Sadap Meredowa hem «Ene mähri» diýen belent adyň eýesi boldy. Haçan-da Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýy gowşurylanda, bagtyýar enäniň begenç-buýsanjynyň çägi bolmady.

Hanyýewleriň maşgalasynda perzent terbiýesine uly üns berilýär. Maşgalabaşy Akmyrat hem-de öý bikesi Sadap çagalarynyň bilimli-sowatly, edep-ekramly, il-günümize wepaly adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda irginsiz aladalanýarlar. Edilýän aladalar miwesini hem berýär. Häzirki wagtda bagtyýar ene-atanyň uly gyzy Arzuw, ogly Begenç ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, hünär öwrenýärler. Perzentleriniň kiçileri bolsa orta mekdepde okaýarlar. Bu maşgalanyň agzalary aýdym-sazyň hem çyn muşdaklarydyr. Maşgalabaşy Akmyrat höwesjeň sazanda. Sadap bolsa 1997-nji ýylda welaýat ýörite sungat mekdebini tamamlap, dutar çalmakda ezber sazandalaryň biri hökmünde tanalýar. Elbetde, milli aýdym-sazlarymyza belent sarpa goýýan ene-ata perzentleriniň hem şu ugra ýykgyn etmeklerini gazanypdyrlar. Zehinli çagalar milli saz gurallarymyzda ussatlyk bilen saz çalýarlar, aýdym aýdýarlar, dürli tanslary ýerine ýetirýärler.

Myrat BAGŞYÝEW.