Datlydan tagamly önümler ildeşlerimiziň toý saçagyna bezeg goşar

28 Dekabr 2021
1720

Baýramçylyk söwdalarynyň barha gyzyşýan häzirki günlerinde eziz Diýarymyzyň ak bazarlarynyň we dükanlarynyň islendigine baranyňda «Nur» haryt nyşanly maýonez we beýleki gaplama önümleriň dürli görnüşlerinde gözüň eglenýär. Datlydan tagamly şol önümleriň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýetiniň häzirki zaman kärhanasynda öndürilýändigini bellemek diýseň ýakymly.

Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň başlangyjy boýunça agzalan kärhana baryp, işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşmagy makul bildik. Ol ýere baranymyzda önümçilik bölümlerinde işleriň gyzgalaňly häsiýetde alnyp barylýandygyna, işçi-hünärmenleriň her biriniň bagtyýar ildeşlerimiziň Täze ýyl saçagynyň berekedine goşant goşmak hyjuwy bilen zähmet çekýändigine şaýat bolduk.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: kärhananyň işinden görnüşler. Surata düşüren awtor.