Ýaşyl ykdysadyýet — şu gün hem geljek üçin

27 Dekabr 2021
1902

Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryny, gözelliklerini artdyrmak barada giňişleýin gürrüň edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda belleýşi ýaly, tebigaty goramak, ony gözelleşdirmek, baýlyklarymyzy rejeli we netijeli ulanmak, geljekki nesillere abadan ekologik şertleri miras goýmak ýurdumyzyň oba hojalyk, senagat, ykdysadyýet pudaklarynda üstünlikli amala aşyrylan ägirt uly taslamalarda, meýilleşdirilýän işlerde hem-de maksat edilen köp ýyllyk maksatnamalarda doly görünýär.

Adamzadyň tebigy baýlyklara aýawly garamak duýgulary ýaşyl ykdysadyýetiň döremegine getirdi. Ýaşyl ykdysadyýetiň esasy wezipesi howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, tebigy baýlyklary aýawly ulanmak, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek ýaly uly çärelerden ybarat.

Ahmed BEKIÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy.