Gozgalmaýan emläk eýesi «Welltower» kompaniýasy häzirki wagtda täze meýilnamalaryny taýýarlaýar we müşderileriň ösen isleginiň amatly mümkinçiliginden peýdalanmak isleýär.
«Welltower»-iň üçünji çärýekdäki diwidend paýy ABŞ-nyň 0,61 dollary möçberinde bolup (diwidendiň girdejisi 2,9%), erkin nagt pul akymynyň tölegi bolsa 76%-e deň boldy. Bu görkeziji häzirki wagtda diwidendleriň ýeterlik derejede howpsuzdygyny, hatda köpelmeginiň mümkindigini görkezýär. Meýilnama laýylykda, «Welltower» 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde müşderilerine ýokary derejeli täze hyzmatlaryny hödürlär.