Täze ýyl sowgatlaryny aldyňyzmy?

25 Dekabr 2021
2105

Täze ýyl baýramy barha ýakynlaşýar. Goşhaltasyny egnine atyp, «Niredesiň, körpe nesil?» diýip, ýola düşen Aýazbabanyň bu gezekki Täze ýyl sowgatlarynyň içinde nähili süýjülikler barka?!

Ilki bilen, Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlaýan telekeçileriň, geçen ýyldaka garanyňda, bu ýyl has köpdügini bellemeli. Diýmek, sowgatlaryň görnüşleri-de artandyr. Eýsem näme?! Körpeler ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup süýji-köke önümçiligini ýola goýan «Hasar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan taýýarlanylýan Täze ýyl sowgatlary bilen öňden tanyş. Sebäbi bu hojalyk jemgyýeti indi köp ýyllardan bäri Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlap, ilata hödürläp gelýär. Özem olary her ýyl süýjüleriň täze görnüşleri bilen baýlaşdyrýar.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».