Paýtagtymyzyň bezelen şaýollarydyr köçeleri, binalary we seýilgähleri hemmämiziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramymyzyň bosagada durandygyny buşlaýar. Kalbymyzy şatlyga besleýän baýramçylygy ähli ildeşlerimiz bilen birlikde telekeçiler hem toý sowgatlary bilen garşylaýar. Zähmet üstünlikleri bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň birem «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň telekeçiligi goldamak boýunça edýän bimöçber tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň sany barmak büküp sanardan köp. «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasyna ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň arasynda ilkinji döredilenleriň biri, süýji önümlerini öndürmekde bolsa «kerwenbaşy» diýsegem ýalňyşdygymyz bolmaz. Çünki ol 1999-njy ýylyň noýabrynda döredildi we hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçmegi bilen täze mümkinçiliklere eýe boldy. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary esasynda bölünip berlen ýerde «Oguzhan» konditer kärhanasynyň hem täze önümçilik toplumy guruldy. 2018-nji ýylyň fewralynda döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň paýtagtymyzyň demirgazyk bölegindäki G.Kulyýew köçesiniň ugrundaky edara binalarynyň hem-de önümçilik toplumlarynyň hatarynda «Oguzhan» konditer kärhanasynyň täze döwrebap toplumy açyldy.