Daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär. «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär» diýlip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde berkidilýär.
Ýurdumyz milli Liderimiziň baştutanlygynda halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelýän «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna, «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna», Tokaý kodeksine, beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda hem-de BMG-niň «Biologik dürlülik hakyndaky» Konwensiýasyna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip gelýär.