Jemgyýetiň ösüşi we daşky gurşaw

1 Dekabr 2021
1898

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ekologiýa üçin zyýanly täsirleri az bolan sarp ediş we önümçilik nusgasyny döretmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Sarp edişiň we önümçiligiň has netijeli ýollary we ugurlary gözlenilýär, olaryň durmuşa ornaşdyrylmagy gazanylýar. Ekologiýa zyýanly täsirleri az bolan sarp ediş we önümçilik nusgasy üçin amatly şertleri döredýän kanunlaryň uly topary kabul edildi we olar işjeň hereket edýär.

Ekologiýa Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynda hem esasy ugurlaryň biridir. Bu boýunça milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden çykyşlarynda hem birnäçe gezek aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ekologiýa abadançylygy dünýä ýurtlarynyň gülläp ösüşleri we halklarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan derwaýys şertleriň biridir. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýakyn 15 ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasy hökmünde kabul edilýän Durnukly ösüş maksatlarynda ekologiýa meseleleriniň aýratyn orny eýelemelidigine ünsi çekýär. Howanyň üýtgemeginiň we ekologiýanyň meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigi biziň döwlet ekologiýa syýasatymyzyň esasyny düzýän ýörelgeleriň biridir. Şulardan hem görnüşi ýaly, biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň Baş sekretarynyň ählumumy ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça täsirli çäreleri taýýarlamaga gönükdirilen tagallalaryny iş ýüzünde yzygiderli goldaýar. Garaşsyz ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilen duşuşyklarynyň we halkara maslahatlarynyň dünýäde daşky gurşawy goramaga gönükdirilen meselelerini çözmäge uly goşant goşup gelýär. Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we 2012-nji ýylyň iýunynda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Rio-de-Žaneýro şäherinde bolan BMG-niň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda eden çykyşlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Şolarda Ýurtbaştutanymyzyň BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny taýýarlamak, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan abadançylygyny gorap saklamak barada eden teklipleri durmuşa geçirildi.

Ilmyrat DÖWLETOW.