Dirilik çeşmesi

28 Noýabr 2021
2144

Suw tebigata jan berýän, ynsan durmuşyna gözellik goşýan mukaddeslikdir. Ata-babalarymyzyň suwuň her dänesini altyna deňemegi we ondan netijeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet bermegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde pederlerimiziň suwa aýawly garamak babatdaky ýörelgelerine eýerilmegi hem-de suwa uly sarpa goýulmagy has-da guwandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üstümizdäki şanly ýylda geçirilen mejlisindäki çykyşynda halkymyzyň suw bilen baglanyşykly garaýyşlary, häzirki wagtda suw baýlyklarymyzyň netijeli ulanylyşy barada aýratyn durup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyz «Suw damjasy — altyn dänesi», «Daýhanyň hazynasy — ýer, suw», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer çöl» ýaly, suw bilen bagly köp sanly nakyllary döredipdir. Biziň günlerimizde hem, ata-babalarymyzyň parasatly däplerine eýerip, suwy tygşytly we netijeli ulanmak döwlet syýasatymyzyň örän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Gülendam JUMAKULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.