Gül-gunçaly gözel Diýarymyzyň her bir künjegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe erkinligiň, mizemezligiň, abadançylygyň ýolunda ösýär hem özgerýär. Garagumuň ümmülmez sährasynyň tolkun atýan depeleriniň gök bürenjege bürenmegi, täsin tebigat dünýäsiniň täze bir keşbiniň janlanmagy, mylaýym sergin şemalyň astynda parahat ýaşap, ýaýnap, döredip gezmegiň özboluşly jana ýakymly pursady bar. Günsaýyn ösüşlere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyz şeýle ýakymly pursatlara örän baý ýyly başdan geçirýär.
Garagumuň özboluşly täsin tebigatynyň bolşy deýin, ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde, etrapdyr welaýatlarynda giň sähralyga bürenen ajaýyp täsin gök zolaklarynyň döredilmegi baý tebigatymyzy has-da görklendirýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan medeni hem-de ekologik taýdan wajyp çäreleriň geçirilmegi obadyr şäherlerimizi bagçylyga büremek, gök zolaklary döretmegiň ajaýyp keşbi bolup çykyş edýär.