Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler zenanlar hakdaky alada bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanda aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň birjik-de ünsden düşürilmeýän wajyp ugrudyr. Aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi, olaryň zähmet we durmuş şertleri, eneligi we çagalygy goramak ýaly meseleler syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu meseleler milli kanunçylykda öz doly beýanyny tapdy. Ýurdumyzda aýal-gyzlaryň zähmet çekmäge, bilim almaga, jemgyýetçilik işlerine gatnaşmaga, saglygyna seretdirmäge, durmuş üpjünçiligine bolan we beýleki esasy hukuklary diňe bir kanunçylykda üpjün edilmän, eýsem, olar döwlet tarapyndan doly kepillendirilýär.
Durmuşdaky hiç bir ýagdaý, jemgyýetdäki hiç bir hadysa zenan dünýäsinden sowa geçmeýär. Çünki zenan — ene, zenan — hünärmen, zenan — ýolbaşçy, zenan — zähmetkeş... şularyň her biriniň aňyrsynda iner ýüki jogapkärçilik ýatyr. Ýurdumyzyň ähli babatdaky ösüşlerine we özgerişlerine mynasyp goşant goşup gelýän şol zenanlaryň sarpasy bu günki gün has belentden tutulýar.