Bag-seýilgäh zolaklary — abadan ýaşaýşyň görki

28 Oktýabr 2021
1963

Hormatly Prezidentimiz 26-njy oktýabrda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini Aşgabat şäheriniň günortasynda gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Milli Liderimiz bu künjekde ylmy taýdan esaslandyrylan bag nahallarynyň oturdylmagynyň möhümdigine, tokaý zolaklary döredilende, dag etekleriniň, baýyrlyklaryň howa aýratynlyklarynyň we tebigy şertleriň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi ilatly ýerleriň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň ekologiýa derejesiniň ýokary görkezijilere eýe bolmagyny üpjün edýär.

Ýurdumyzda giň gerimde döredilýän tokaý zolaklary, bag-bakjaly seýilgähler, bagy-bossanlyklar amatly mikroklimaty döredýär, daşky gurşawy arassa saklamaga ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, her ýyl ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleri geçirilip, ýurdumyzda köp mukdarda miweli, saýaly agaçlaryň nahallary oturdylýar, ozal bar bolanlaryna ideg edilýär, paýtagtymyz Aşgabatda, onuň töwereklerinde, welaýatlarda täze-täze tokaý zolaklary, seýilgähler emele gelýär. Sähra ýerlerinde sazak, daglyk ýerlerde arça, derýa boýlarynda dürli agaçlaryň emeli tokaý zolaklary döredilýär.

Gurbangeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.