Altyn güýzüň gözelligi

27 Oktýabr 2021
1978

Şu günler güýz paslynyň dowam edýän pursatlarynda mähriban paýtagtymyza ýagan güýz ýagşy älem-jahany nurlandyryp, adamlaryň kalbyna şatlyk paýlady. Çygly, ümür-dumanly, ýagyşly günlerde läle-reýhan bolup has-da gowy açylýan gülleriň, täsin baglaryň ýakymyny duýmak, gör, nähili lezzetli. Ter bägülleriň gülhanalarynda bulduraşýan ýagyş damjalary dür dänelerini ýadyňa salýar. Güýz pasly — bereket çeşmesi. Altyn güýzde aýratyn mähir, ýakym bar. Şunda hemmämize gözellik dünýäsini bagyşlaýan güýz gülleri ruhuňy has-da belende göterýär.

Ynsan kalbynyň törüne mähir paýlap, ruhy dünýäsini gözelleşdirýän, biri-birinden owadan güller bilen mähriban paýtagtymyzy bezeýän, öz işleriniň hakyky ussatlary bolan bagbanlaryň uly topary şu günler joşgunly zähmet çekýär. Olar, esasan-da, güllerden täsin gözellikleri döretmegiň hakyky ussatlarydyr. Çünki güller dünýäsiniň bütin durky şatlygyň, hoş habarlaryň buşlukçysy bolmak bilen, toý-dabaralarymyzyň buýsançly bezegine öwrülip, töwerek-daşymyzy älemgoşary ýada salýan täsin öwüşgine besleýär.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».