Beýikligiň başlangyjy edepdir

20 Oktýabr 2021
2012

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň şöhratly taryhyny öwrenmek, halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek, ata Watanymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşinde tutýan ornuny dabaralandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik işler durmuşa geçirilýär. Şeýle ajaýyp işleriň, beýik özgerişleriň ör-boýuna galýan döwründe mähriban Arkadagymyzyň kämil paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby öz çuňňur many-mazmuny bilen örän uly ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde aýdylyşy ýaly, edep düzgünlerini berjaý etmek, edepli bolmak ýaly kadalar ir döwürlerden başlap, türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip gidipdir. Gadym eýýamlarda ýigitleriň we gyzlaryň edep kadalaryna eýermekleriniň özboluşly aýratynlyklary kemala gelip, ol kadalar häzir hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Bu düzgünleriň ýaşlara degişli bolmagynyň özüne ýetesi sebäbi bar. Çünki nusgalyk edep kadalary ýaş ynsany durmuşda duş gelip biläýjek nogsanlyklardan goraýar, oňa ruhy we beden saglygy, jemgyýetdäki hem maşgaladaky orny bilen bagly köp ýagşylyklary eçilýär. Şonuň üçinem, gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän edep bilen bagly düşünjäniň adamzadyň ylmy-tehniki gazananlarynyň pajarlap ösýän häzirki günlerinde hem wajyp bolmagy aýratyn bellärliklidir. Bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlarynyň edepli, edenli, ahlakly bolmaklarynyň wajypdygy hakynda milli Liderimiziň hem öz çykyşlarynda öwran-öwran nygtamagy edep-ekramyň döwlet bähbitli mesele bolup durýandygynyň kepilidir.

Atamyrat ABDYRAHMANOW,
Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň diňleýjisi, kapitan.