Watanperwerligiň gözbaşy

13 Oktýabr 2021
2271

Watana bolan söýgi mukaddesdir. Çünki her kimiň Watana bolan söýgüsiniň möçberine görä zehin bulagy giňelýär. Işiň netijeli bolmagy üçin bolsa, ilkinji nobatda, Watana söýgi gerek. Diňe şol söýgi işe bolan höwesiňi artdyrýar, arzuw-islegleriňi herekete getirýär. Watanperwerlik diýen beýik düşünje hem öz gözbaşyny maşgaladan alýar. Çünki islendik birlikleriň köplüklerden düzülişi ýaly, Watan hem maşgaladan başlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamyň iň gözel häsiýetleriniň biri-de ata-enä, jemgyýete we durmuşa bolan söýgüdir. Ata-enä söýgi halkymyzyň «Ata razy — Hudaý razy, ene razy — pygamber razy», «Ata gören ýol keser, ene gören don keser» ýaly nakyllarynda hem öz beýanyny tapýar.

Akpamyk BEGJÄÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.