«Tesla»-nyň direktory Ilon Mask penşenbe güni kompaniýanyň baş ştab-kwartirasyny Kaliforniýadan awtoulag we batareýa zawodlar toplumyny gurýan ýeri bolan ABŞ-nyň Tehas ştatyna göçürmegi meýilleşdirýändigini habar berdi. «Tesla» ştab-kwartirasyny «Oracle», «HP» we «Toyota Motor» bilen bilelikde, Kaliforniýada salgytlaryň we ýaşaýyş çykdajylarynyň has ýokary bolandygy sebäpli Tehasa göçürmekçi bolýar. Şeýle hem Mask kompaniýanyň Kaliforniýadaky esasy zawodynda we Newadada ýerleşen önümçilik meýdançalarynda önümçiligi 50% ýokarlandyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu habardan soň «Tesla»-nyň paýnamalary 1,39% ýokarlanyp, ABŞ-nyň 793,6 dollaryna ýetdi.