«Tesla» kompaniýasynyň Şanhaýda ýerleşýän zawodynyň öndürýän elektromobilleriniň sany ýarymgeçirijileriň bütin dünýäde ýetmezçilik edýändigine garamazdan, 2021-nji ýylyň dokuz aýynda 300 müňe ýeter diýlip çaklanylýar. Bu zawod ýerli hem-de daşarky bazar üçin, şol sanda Germaniýanyň we Ýaponiýanyň bazarlary üçin, «Model 3» sedanyny we ýokary geçirijilikli «Model Y» awtoulagyny öndürýär.
Maglumat üçin, Hytaýyň ýeňil awtoulaglar bileleşiginiň hasabatyna laýyklykda, «Tesla» kompaniýasy 2021-nji ýylyň sekiz aýynda 240 müň elektrokar öndürdi.