Dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň iň abraýly baýraklarynyň biri bolan Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Lukmançylyk, fizika, himiýa ýaly ugurlardan soň edebiýat ugry boýunça hem Nobel baýragynyň ýeňijisi belli boldy. 2021-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragyna asly tanzaniýaly britan ýazyjysy, professor Abdulrazak Gurna mynasyp boldy.
Häzirki wagta çenli 117 ýazyjy edebiýat ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolup, olaryň içinde has köp iňlis dilinde eser ýazan edebiýatçylara bu baýrak gowşuryldy.