Hytaýly inženerler böküp, ylgap we duýgularyny displeý arkaly beýan edip bilýän robot güjük işläp düzdüler. «Mini Pupper» atly robot kiçiräk ýükleri daşamagy, GPS ulgamy arkaly gezelenç etmegi we ýoldaky päsgelçiliklerden geçmegi başarýar. Bu robot «Boston Dynamics» kompaniýasynyň robot itinden arzanlygy bilen tapawutlanýar. Onuň uzynlygy 209 millimetr, ini 109 millimetr, beýikligi 165 millimetr, agramy bary-ýogy 560 gramdyr. «Boston Dynamics»-iň roboty önümçilik kärhanalarynda işlemäge ukyply bolup, bahasy 75 müň dollara barabar. Güýmenje maksatly çykarylan «Mini Pupper»-iň bahasy bolsa 589 dollar.
Rahym HANDÖWLETOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.