Amerikanyň «Blue Origin» hususy kompaniýasy «New Shepard» raketasynda dört syýahatçynyň täze suborbital uçuşyny yglan etdi. Uçuş şu ýylyň 12-nji oktýabrynda amala aşyrylar. Älem gämisinde dört adam uçar. Olaryň biri «Nasa»-nyň öňki inženeri we «Planet Labs»-yň esaslandyryjysy Kris Oşuaýzen, ikinjisi «Dassault Systemes» kompaniýasynda saglygy goraýyş departamentiniň başlygynyň orunbasary we «Medidata» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Glen de Wri bolar. Ekipažyň beýleki ikisiniň atlary uçuşyň öňýany yglan ediler.
Maglumat üçin, öňki uçuş şu ýylyň 20-nji iýulynda amala aşyrylypdy, oňa dünýäniň iň baý adamlarynyň biri Jeff Bezos hem gatnaşypdy.