Ýurdumyzyň rowaç gadamlary

20 Sentýabr 2021
1657

Dünýäde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşmegi we Internet torunyň mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy netijesinde durmuşyň ähli gurşawlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek möhüm wezipä öwrüldi. Sanly ykdysadyýetiň häzirki zaman dünýäsinde durnukly ösüşiň baş şertine öwrülendigini soňky ýyllarda Ýer ýüzünde saglyk bilen baglanyşykly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar hem doly tassyklady. Pandemiýanyň dünýä derejesinde halk hojalyk gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir etmegi bilen, innowasiýalara esaslanýan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy ykdysady ösüşi gazanmagyň hereketlendiriji güýjüne öwürdi. Dünýäniň ösüşleri bilen deň gadam urýan Garaşsyz Türkmenistanda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça işler giň gerim bilen ýaýbaňlandyryldy.

Sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak we onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin, ilkinji nobatda, olardan baş çykarýan hünärmenler zerur. Hut şonuň üçin-de, Türkmenistanda sanlylaşdyrma ilki bilen bilim ulgamynda başlandy. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Netijede, orta we ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim portallary hem-de web saýtlar işe girizildi. Sapaklary onlaýn usulda geçirmek boýunça mümkinçilikler ýola goýuldy. Elektron kitaphanalar döredilip, okuw gollanmalary we sapaklaryň ýazgylary sanly görnüşde elýeterli boldy. Şeýle hem döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, birnäçe täze okuw dersleri girizilip, täze hünärler boýunça bilim berlip başlandy.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».