Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny syýasy durnukly ýagdaý, ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşi, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek bilen garşylaýar. Geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň okgunly täzeçil ösüşini we ähli ulgamlarda ýetilen sepgitleri, ilata berilýän durmuş goldawynyň ýokary derejesini, türkmen döwletiniň halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny we daşary syýasat başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändigini görkezdi.
13-nji sentýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine görülýän taýýarlyk, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.