Döküni, idegi ýeten ene ýer maňlaý derleri, päk zähmeti boş goýmaýar. Eýýäm maý aýy ortalaberende kyrkgünlügiň ysy bark urup, behişdi nygmatlaryň arzysyny artdyrýar. Bala-çaganyň, garry-gojanyň dişine ýumşajyk sary zamçalar bir gezek degdigi ýene-de küýsedýär. Daýhan yhlasyndan kemala gelen pomidor, hyýar, badamjan ýaly bakja ekinleri, her biri ýumruk ýaly ýeralmalar gözüňi dokundyrýar. Ana, şeýle gök we bakja ekinleriniň kök urup, ýalpyldaşyp oturan joýalarynyň içinde, ýeralmaly setirleriň arasynda ýene-de bir iýmitlik gök ot siziň ünsüňizi özüne örklär. Oňa ilimizde semzek oty diýilýär. Ýapraklary üstüne şeker sepilen ýaly ýalpyldap duran, aralary kiçijek, saryja güller bilen örtülen semzek diýseň ter bolýar.
Halkymyz gadym döwürlerden bäri semzegi iýmit hökmünde peýdalanyp gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda semzegiň öt bilen baglanyşykly ähli sökelliklere dermandygy barada maglumat bar. Eli süýji türkmen zenanlary bu işdäaçyjy otdan dürli milli tagamlary taýýarlaýarlar. Iýmitlik semzek tohumlamanka ýygylýar. Semzegiň süýrüje ýapraklary baldagyndan ýolnup, arassaja gaba salynýar. Oňa il içinde «semzek saýlamak» diýilýär. Saýlanan semzegi ýuwup, suwuny sarkdyrýarlar. Oňa ösümlik ýagyny goşup, bir desse gök sogany owunjak dograýarlar. Gerekli möçberde duz atyp, mazaly garyşdyrýarlar. Mesgedir saryýag goşulsa, semzekli tagamlar has hem datly bolýar. Semzek otundan börek, manty, gaplama, gutap, işlekli taýýarlanylýar.