Ata gadyry

18 Sentýabr 2021
2211

Halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, nakyllardyr atalar sözleri hem köp nusgaly bolýar. Ýagny şol bir manyny berýän nakyl ýa-da atalar sözi her ýerde birhiliräk aýdylýar. «Paýhas çeşmesindäki» «Ata bolmadyk ata gadyryny bilmez» diýen atalar sözüni-de birneme ýumşagrak äheňde, «Atanyň gadyryny ata bolaňda bilersiň!» diýibem aýdýarlar. Haýsy hili aýdylsa-da, bu atalar sözünde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen durmuş hakykaty beýan edilýär. Bigam çagalykdan ýaňy saýlanan ýetginjek ata-enäniň özi hakda edýän aladalaryna geregiçe üns bermezek bolýar. Hamala diýersiň, hemme zat öz-özünden bolup durandyr öýdýär. Ylaýta-da, ata-enäniň ynjalyksyz ýüregine bolmalysy ýaly düşünmeýär. Meselem, giden ýerinden wagtynda gelmese ata-enäniň bitakat bolýandygyny, gije ukusy tutmaýandygyny ýadyndan çykaryp, olary habardar etmezden, gelmeli wagtyndan gijä galyp bilýär. Şeýle ýagdaý köpräk gaýtalanyberse, oýunlyga salyp:

— Munuň aýagyny duşamasak boljak däl! — diýip, gelin edinmegiň ugruna çykýarlar. Magtymguly akyldaryň:

Ejegyz ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.