Ho­wa­ny aras­sa­la­ýan des­ga

16 Sentýabr 2021
1381

Ho­wa­nyň maý­la­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Dür­li ugur­lar­da ener­gi­ýa­nyň we çig ma­lyň tyg­şyt­lan­ma­gy, za­ýa­çy­ly­gyň öňü­niň alyn­ma­gy, ula­nyş­dan ga­lan zat­la­ryň gaý­ta­dan çig mal hök­mün­de peý­da­la­nyl­ma­gy, ýa­şyl zo­lak­la­ryň art­dy­ryl­ma­gy ýa­ly çä­re­ler glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gyň öňü­ni al­mak­da­ky esa­sy çä­re­ler ha­sap­lan­ýar. Şeý­le çä­re­le­riň çäk­le­rin­de ho­wa­da­ky kö­mür­tur­şy ga­zy­ny ýyg­nap, ýe­riň aşa­gyn­da sak­la­ýan des­ga­lar hem bar. Bu des­ga­la­ryň iň ulu­sy Is­lan­di­ýa­da işe gi­ri­zil­di. Des­ga her ýyl­da 4 müň ton­na kö­mür­tur­şy ga­zy­ny aras­sa­lar. Bu gör­ke­zi­ji 790 aw­tou­la­gyň çy­kar­ýan zy­ýan­ly ga­zy­na ba­ra­bar.

Hal­ka­ra Ener­gi­ýa Agent­li­gi­niň (IEA) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ge­çen ýyl 31,5 mil­liard ton­na kö­mür­tur­şy ga­zy eme­le ge­lip­dir. Ho­wa­da­ky zy­ýan­ly ga­zy eme­li usul­lar ar­ka­ly ýyg­na­mak alym­lar ta­ra­pyn­dan tek­lip edil­ýän usul­la­ryň bi­ri­dir. «Orca» at­ly bu des­ga aý­lan­ýan per­le­riň we süz­güç­le­riň kö­me­gi bi­len ho­wa­da­ky ha­pa gaz­la­ry ýyg­na­ýar. Soň­ra bol­sa su­wa ga­ryp, ýe­riň aşa­gy­na ibe­r­ýär. Wag­tyň geç­me­gi bi­len hem ga­ryn­dy ga­ta­ýar.

Beýleki habarlar