Sanly ulgam ösüşleriň binýady

14 Sentýabr 2021
1818

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga ünsüň güýçlendirilmegi ýurdumyzyň oba hojalygyny, şol sanda maldarçylyk pudagyny hem geljekde sanly tehnologiýalara geçirmegiň usullaryny kämilleşdirmäge itergi berýär. Maldarçylyk pudagyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy mallaryň baş sanyna gözegçilik etmäge, kadaly iýmitlendirmegi ýola goýmaga, talabalaýyk weterinar hyzmatyny alyp barmaga, mallaryň sürülerini netijeli dolandyrmaga, öri meýdanlarynyň suwlandyryş desgalaryny abat saklamaga we mallaryň seçgi-tohumçylyk işlerini geçirip, ýokary önüm berýän tohum mallaryny ýaýratmaga zerur şertleri döredýär. Şeýle hem atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, arassa ganly tohum atlaryň genofonduny saklamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge giň ýollary açýar. Öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna mallaryň we guşlaryň baş sanynyň köpeldilmegi et we süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň öndürijilik kuwwatyny güýçlendirmek hem-de tehnologiýa taýdan kämil enjamlaşdyrylan täze görnüşleriniň gurulmagyna talaplar artdyrylýar.

Sanly ulgamy maldarçylyk pudagynda netijeli ulanyp boljakdygynyň mysalynda 2018-nji ýylda Ahal welaýatynda «Guş toplumy» hususy kärhanasynyň buýurmasy esasynda gurlan maldarçylyk toplumyň ulanmaga berlendigini görkezmek bolar. Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 200 tonna et öndürmäge ukyplydyr. Bu maldarçylyk toplumynda mallary saklamak, ýaş göleleri ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Çary HANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.