Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylýan üstünlikler her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Şu ýylyň 8 aýynyň jemlerine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy sentýabrynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň 5,5 göterim ýokarlanandygy bellenildi. Bu görkeziji dünýäde ýiti ýokanç keseliň ýaýramagy bilen bagly ýüze çykan amatsyz ýagdaýlarda hem milli ykdysadyýetimizde durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeleriň köp babatda döwletiň oýlanyşykly we işjeň alyp barýan hereketleriniň, hususan-da, milli ykdysady ulgamyň ýagdaýyny yzygiderli derňemegiň esasynda ileri tutulýan pudaklaryň, milli öndürijileri höweslendirmegiň, goramagyň usullaryny dogry kesgitlemegiň esasynda mümkin bolandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.
Häzirki döwür dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu umumy ykdysady giňişlikde ýüze çykýan ýiti bäsdeşlik her bir döwletiň onda tutýan ornuny pugtalandyrmak üçin, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiniň ösüşe ukyplylygyny üpjün etmegi gün tertibiniň wajyp meselesine öwürdi.