Bagy-bossan paýtagtym

8 Sentýabr 2021
1948

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, daşky gurşawy üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň şäherleriniň, şäherçeleriniň we obalarynyň ekologiýa gurşawyny berkitmek babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Arkadagymyzyň Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda agaç nahallaryny oturtmak we ekilen agaçlara ideg etmek işleri üstünlikli berjaý edilýär.

Paýtagtymyzyň gözelligi älem-jahana ýaň salýar, ajaýyp binagärlik sungaty bilen sazlaşykly utgaşýan seýilgählerdir ýaşyl zolaklar diňe bir ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň sagdyn ýaşamaklary üçin zerurlyk bolup durýar. Daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigat gözelliklerini has-da baýlaşdyrmak, onuň biodürlüligini gorap saklamak, tokaý zolaklaryny döretmek hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Berkarar Diýarymyzyň ähli welaýatdyr etrap merkezleri, obalary, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda gür baglyga bürenip, tebigatyň jana melhem ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Bu ugurda bitirilýän beýik işler kalbymyzda ata Watanymyza bolan ýürek buýsanjymyzy joşduryp, uly rowaçlyklara röwşen ýol açýar. Gözel paýtagtymyzyň gözümiziň alnynda beýik ösüşlere eýe bolmagy, dünýäde iň gözel şäherleriň birine öwrülmegi ildeşlerimiziň her biri üçin uly buýsanç we bagtdyr.

Aşyrnepes GYLYJOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.