Arassa ekologiýa — sagdyn geljek

6 Sentýabr 2021
2051

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilen toýlara baý 2021-nji ýyl dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň alyp barýan baş syýasy ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns merkezinde saklaýan ekologiýa syýasaty bu gün diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem, dünýä derejesindäki ynsanperwer syýasat hökmünde giňden dabaralanýar.

Al-elwan güllere gark bolup, hoşboý ysy bilen burk urýan ajaýyp baharlarda, bereket hazynasyny joşdurýan sary meňiz güýzlerde ynsan göwni has-da galkynýar. Ata-babalarymyz tebigatymyzyň gadyr-gymmatyny örän belent saýypdyrlar. Häzirki döwürde halkymyz tebigat bilen adamyň arasyndaky baky sazlaşygy berjaý etmäge aýratyn üns berýär. Çünki tebigat adamzadyň ilkinji we umumy öýüdir.

Serdar ALLEKOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň başlygy.