«Tesla» kompaniýasynyň direktory Ilon Mask geçen hepdäniň çarşenbe güni «Roadster» sport awtoulagynyň global üpjünçilik zynjyryndaky ýüze çykan kynçylyklar sebäpli, önümçiliginiň ýene bir ýyl yza süýşürilendigini aýtdy. Amerikaly işewür ýanwar aýynda «Roadster»-iň 2022-nji ýylyň tomus aýlarynda satuwa çykaryljakdygy barada habar beripdi.
Ýeri gelende aýtsak, soňky döwürde ýüze çykan çip ýetmezçiligi «Ford Motor», «Honda Motor», «General Motors», «Volkswagen» ýaly dünýäniň iň öňdebaryjy awtoulag öndürijileriniň önümçilik kuwwatlyklaryna hem öz täsirini ýetirdi.