Ulagyň taryhy

26 Awgust 2021
1703

XIX asy­ryň ahy­ryn­da kwadrisikl atly dört ti­gir­li ilkinji ulag Gen­ri Ford ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Hä­zir ýö­ne­keý ýa­ly bo­lup gö­rün­se-de, öz döw­ri üçin tä­ze­lik bo­lan bu ula­g we onuň oýlap tapyjysy ha­kyn­da tä­sin mag­lu­mat­lar bar. 1863-nji ýyl­da ABŞ-da dog­lan Ford in­že­ner­çi­lik oku­wy­ny ta­mam­lap, 1879-njy ýyl­da yk­ba­ly­ny düýp­gö­ter üýt­get­jek Det­roýt şä­he­ri­ne gö­çüp gel­ýär. «Wes­ting­hou­se» kom­pa­ni­ýa­syn­da ýan­gyç he­re­ket­len­di­ri­ji­si pu­da­gyn­da iş­le­ýär we Kla­ra Bra­ýant bi­len dur­muş gur­ýar. Dur­mu­şyn­da­ky iň mö­hüm ädim To­mas Edi­son ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan «Edi­son» kom­pa­ni­ýa­syn­da işe baş­la­magy bol­ýar. Bu ýer­de en­çe­me ýyl­lap iş­län Gen­ri Ford be­ýik oý­lap ta­py­jy To­mas Edi­son we beý­le­ki ze­hin­li in­že­ner­ler bi­len du­şuş­ýar. Dört ti­gir­li ulag ba­ra­da­ky pi­kir iş­deş­le­ri­niň bi­ri­niň kö­me­gi bi­len ýü­ze çyk­ýar. Onuň «Edi­son» yşyk­lan­dy­ryş kom­pa­ni­ýa­syn­da bi­le­lik­de iş­le­ýän in­že­ner dos­ty Çarlz King «Ame­rican Machi­nist» žur­na­lyn­da 1895-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ne­şir edi­len bir ma­ka­la­ny gör­ýär we bu For­duň hem ün­sü­ni çek­ýär. Ma­ka­la­da ýan­gyç bi­len iş­le­ýän ýe­ňil we güýç­li aw­tou­lag­lar ba­bat­da ag­zal­ýar. He­niz bu ylym­da öw­re­nil­me­dik bol­sa-da, Ford şeý­le teh­no­lo­gi­ýa bi­len iç­gin gy­zyk­la­nyp baş­la­ýar. Ýaş me­ha­nist uzak wagt bä­ri hy­ýa­lyn­da­ky tas­la­ma­nyň şu ma­ka­la bi­len ta­mam­lan­jak­dy­gy­na ynan­ýar we işi­ne hy­juw­ly ýa­pyş­ýar. Bu tas­la­ma­da at­syz we iş­çi güý­ji bol­maz­dan he­re­ket edýän arabanyň, ýagny awtoulagyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. «Edi­son» kom­pa­ni­ýa­syn­da iş­le­ýän Gen­ri For­duň tas­la­ma ün­si jem­le­mek üçin köp wag­ty bar­dy. So­wa­dy we ze­hi­ni ýe­ter­lik bo­lan Gen­ri Ford in­že­ner­ler Deý­wid Bell, Jeýms Bi­şop, Jorj Ka­to we Ed­ward Haf­dan yba­rat ýö­ri­te to­pa­ry düz­ýär. To­par­da hä­zir­ki za­man aw­tou­lag teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň hiç bi­ri, hat­da ýe­ter­lik se­riş­de hem ýok­dy. As­la ruh­dan düş­me­ýän bu dört­lük to­par el­le­rin­dä­ki se­riş­de­ler­den has ne­ti­je­li peý­da­lan­mak üçin aky­ly­ny we in­že­ner­çi­lik ukyp­la­ry­ny ulan­ýar­lar. Kwadrisikl at­ly dört ti­gir­li il­kin­ji ulag ýa­sa­lan­da po­lat, agaç, re­zin, ma­ta we aý­na ula­nyl­ýar. Ulag­da ýö­ne­keý iki si­lindr­li he­re­ket­len­di­ri­ji bar­dy we umu­my ag­ra­my 500 ki­log­ra­ma ba­ra­bar­dy. Her bir oý­lap ta­py­jy­nyň üs­tün­lik­li ta­mam­lan tas­la­ma­sy­ny hal­ka hö­dür­le­ýän gü­ni bol­ýar. Gen­ri Ford üçin bu ta­ry­hy se­ne 1896-njy ýy­lyň 4-nji ýan­wa­ry bo­lup, ir­den sa­gat 4:00-da dört­lük to­par bo­lup, ön­dü­ren dört ti­gir­li ula­gy­na mü­nüp, Grand-Der­ýa bul­wa­ryn­dan aşak­ly­gy­na dü­şüp, üç esa­sy kö­çä­ni gez­ýär­ler. Kwadrisikl aw­tou­la­gy­nyň ba­ry-ýo­gy iki we­lo­si­ped tiz­li­gi bar­dy, hat­da tor­moz­la­ry hem we­lo­si­ped tor­mo­zy­nyň ul­ga­my bi­len do­lan­dy­ryl­ýar­dy. Şeý­le­lik­de, ar­zu­wy ha­syl bo­lan ze­hin­li Gen­ri For­duň ula­gy at ýa-da adam güý­ji bol­maz­dan, ýan­gyç he­re­ket­len­di­ri­ji­si bi­len iş­le­ýän il­kin­ji ulag bol­ýar. Ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan bu ula­gyň il­kin­ji­si 200 dol­la­ra sa­tyl­ýar. Ford ga­za­nan pu­ly bi­len has ösen ulag ul­ga­my­na ma­ýa go­ýup, ne­ti­je­de, hä­zir­ki wagt­da bü­tin Ýer ýü­zün­de ta­nal­ýan meş­hur «Ford Mo­tor Com­pa­ny» kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dyr­ýar.