Her halkyň özüne mahsus medeniýeti, gymmatlyklary bar. Ýaponiýanyň hem baý medeniýeti, taryhy we däp-dessurlary bar. Bu ýurda mahsus bolan agaç ösdürip ýetişdirmek sungatyna «bonsai» diýilýär. Bu agaç daşarda, açyk howada däl-de, edil otag ösümligi ýaly güldanda ösdürilip ýetişdirilýär. Agaç güldana ekilip, ony pudamak, ýörite şekil bermek arkaly bezeg ösümligi emele getirilýär. Bonsai sözi ýaponçadaky «bon» (tabak) we «sai» (agaç) sözlerinden emele gelipdir. Aslynda bonsainiň adaty agaçlardan tapawudy ýok. Adatça, arça agaçlaryny güldana ekip, ony pudap, oňa dürli şekil berýärler. Emma bu sungatyň esasy aýratynlygy, ol edil tebigatda ösüp oturan uly agajyň kiçi görnüşine meňzemegi we adam eliniň degmedik ýaly bolmagy. Ösümlik bilen güldanyň reňki, nagyşlary hem sazlaşygy emele getirmeli.
Tunberg sosnasy («Pinus Thunbergii»), ýapon ak arçasy («Pinus Parvifolia»), hytaý arçasy, el şekilli klýon («Acer Palmatum») we çynar ýaly agaçlar bonsai üçin has amatly hasaplanýar.