Bedew münen sag bolar

16 Iýul 2021
1356

Türkmen durmuşynda bedewleriň ornuny öwrenmekde milli Liderimiziň eserleri gymmatly çeşmedir. Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleri barada şeýle diýýär: «Biziň milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň hakyky simwolydyr we onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyň şaýadydyr».

Türkmen halkynyň göz guwanjy bolan bedewleriň ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda hem peýdasy uludyr. At münmek adamda duş gelýän dürli keselleri bedewe bolan ýakymly garaýyşlaryň, söýginiň täsiri bilen bejermek usulydyr. Eýýäm ir döwürlerden maýyplygy bolan adamlara saglyk kömegini bermekde ippoterapiýadan peýdalanylypdyr. Ippoterapiýada ruhy we beden sagdynlygy sazlaşýar. Has anyk düşündirip aýtsak, bedewiň ýanyna baran adam ýakymly duýgulary başdan geçirýär. Bedewiň gözelligi, mähirliligi, oňa dakylan esbaplaryň, şaý-sepleriň nepisligi, owadanlygy ruhy taýdan oňyn täsirini ýetirýär. Adam ownuk-uşak aladalardan saplanýar, göwni ganatlanýar. Ata-babalarymyz «Bedew münen hassa sagalar» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Bejergi üçin at münülende, ýarawsyz adam bedewiň üstünde eýersiz oturýar, şonuň netijesinde atyň endamynyň gyzgyny oňa täsirini ýetirýär. At münmek adamyň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligini artdyrmak bilen, onuň hereketine tygşytlylyk, takyklyk, ynamlylyk häsiýetini çaýýar, göwräňe arkaýyn erk etmegi, deňagramlylygyňy saklamagy öwredýär. At münmegiň peýdasy beden synalarynyň öňe-yza, aşak-ýokaryk, saga-çepe bolup geçýän endigan yraň atmalarynyň, şeýle-de, at münýäniň başdan geçirýän ýakymly duýgy-pikirleriniň bir ýere jemlenmegi arkaly ýüze çykýar. Ippoterapiýanyň kömegi bilen esasan çaga ysmazyny, bil-oňurga ýiliginiň zeperlenmelerini, myşsa işjeňliginiň düýpli bozulmalaryny bejermekde oňat netije gazanyp bolýandygy subut edildi.

Ýolaman MÄMMEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň talyby.