Milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy

16 Iýul 2021
1227

Asyrlaryň jümmüşinden bitewiligini saklap gelen türkmen halkynyň dünýäniň maddy medeniýetine goşan goşandy örän uludyr. Şol gymmatlyklaryň biri-de ahalteke bedewleridir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde türkmeniň atşynaslyk, seýisçilik sungaty özüniň gadymy dessurlaryny gaýtadan dikeldýär. Türkmen bedewiniň şan-şöhraty barha belende galýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, ussat halyçylaryň, zergärleriň, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň bedewiň waspyny ýetirýän eserleriniň arasynda döredijilik bäsleşikleriniň, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi atşynaslyk sungatyna goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň yzygiderli geçirilmegi bolsa dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni meşhur ahalteke bedewlerine gönükdirýär.

Merdanmuhammet KASYMOW,
Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň direktorynyň sport işleri boýunça orunbasary.