Taýjyk ussanyň pälwanlar maşgalasy

16 Iýul 2021
1247

Oba arasynda tutulýan ady Taýjyk ussa bolsa-da, deň-duşlary oňa Pälwan diýip ýüzlenerdiler. Ol häzir segseni arka atan goja. Taýjyk ussa diňe bir Görogly etrabynyň «Berkarar» geňeşliginde däl, eýsem, tutuş etrapda sylanýan ýaşulularyň biri. Ömrüniň köpüsini daýhançylyk, maldarçylyk bilen geçiren gojanyň adynyň yzyna «ussa» sözi tirkelse-de, henize çenli onuň ussaçylyk edip, pil, kätmen bejerenini, orak dişänini gören adam ýok. Elbetde, biz bu babatda onuň özüne-de sowal berdik, ýöne anyk bir jogaby alyp bilmedik. Gürrüňi edilýän daýhan birleşigine köp ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk eden, Taýjyk ussanyň deň-duşy Atajyk Muhammedow bilen bolan söhbetdeşlikde onuň bu «syry» açyldy duruberdi.

– Taýjyk ýaşlykda örän ezberdi, onuň elinden gelmeýän hünär ýokdy. Haýsy işiň başyna barsa-da, öň görüp goýan ýalydy. Öz işiniň ussadydy. Ýaşlykda boş wagtlarymyz göreş tutardyk. Ol şoňa-da ýolbaşçylyk ederdi. «Öwlüýa ýabyň» ilersindäki kirşenlik ýer biziň türgenleşik meýdançamyzdy. Şeýdip onuň ussat ady wagtyň geçmegi bilen ussa öwrüldi gidiberdi – diýip, Atajyk aga gürrüň berýär.

Otuzmät KAKYŞOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Görogly etrap birleşmesiniň işjeň agzasy.