Möwsümiň 3-nji «Uly tuwulga» tennis ýaryşy «Wimbledonda» erkekleriň arasynda serbiýaly Nowak Jokowiç, zenanlardan awstraliýaly Eşli Barti ýeňiji boldy.
Geçen ýyl geçirilmedik bäsleşigiň erkekleriň arasyndaky finalynda Jokowiç italiýaly Matteo Berrettini bilen duşuşdy. Sanawyň 7-nji belgili tennisçisi Berrettini ilkinji «Uly tuwulga» finalynda oýnap, ol birinji setde taý-bregiň netijesinde 7:6 öňe saýlandy. Ýöne ondan soňky setlerde sanawyň birinji belgilisi Jokowiç erjelligi elden bermän ýeňiş gazanmagy başardy. 2-nji we 3-nji setlerde 6:4 ýeňiş gazanan serbiýaly tennisçi 3-nji setde-de 6:3 üstün çykdy. Şeýlelikde, 3 sagat 24 minutlap dowam eden finalda 3:1 hasabynda ýeňiş gazanan 34 ýaşyndaky Nowak Jokowiç «Wimbledonda» yzly-yzyna 3-nji, umumylykda 6-njy kubogyny asmana göterdi. 20-nji «Uly tuwulga» çempionlygyny gazanan Jokowiç, bu ugurda şweýsariýaly Rojer Federeriň hem-de ispaniýaly Rafael Nadalyň rekordyna şärik boldy. Şeýle-de, 1,7 million funt sterling pul baýragyny hem gazanan Jokowiç karýerasyndaky 85-nji kubogyny eýeledi.