Mes­si ar­zu­wy­na ýet­di

15 Iýul 2021
1230

Gü­nor­ta Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň fut­bol çem­pio­na­ty Ko­pa Ame­ri­ka­da Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. Bra­zi­li­ýa­nyň Rio de Ža­neý­ro şä­he­rin­dä­ki meş­hur «Ma­ra­ka­na» sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da Ar­gen­ti­na bi­len Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şuş­dy­lar. Dart­gyn­ly ge­çen oýun­da Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy 1-0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Tan­go­çy­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk go­ly Rod­ri­go De Pau­lyň pa­syn­dan soň, An­hel Di Ma­ri­ýa der­we­ze­çi­niň üs­tün­den der­we­zä gö­nük­dir­di. Şeý­le­lik­de, Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy 28 ýyl­dan soň, Ko­pa Ame­ri­ka­da çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Bu ola­ryň 15-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup (1921, 1925, 1927, 1929, 1937, 1941, 1945, 1946, 1947, 1955, 1957, 1959, 1991, 1993, 2021) tan­go­çy­lar Urug­wa­ýyň re­kor­dy­na şä­rik bol­du­lar. To­pa­ryň ka­pi­ta­ny hem ýyl­dy­zy Lio­nel Mes­si mil­li ýy­gyn­dy­da­ky il­kin­ji ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Ol çem­pio­na­tyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy hem-de iň ne­ti­je­li fut­bol­çy­sy baý­rak­la­ry­na la­ýyk gö­rül­di. Mes­si çem­pio­nat­da 4 gol ge­çi­rip, 5 go­luň pa­sy­ny ber­di.

Öz meý­dan­ça­syn­da as­gyn ge­len Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 12-nji ge­zek kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy.