Iýun aýynyň 11-ine Rimde başlan 16-njy Ýewropa çempionaty 11-nji iýulda rimlileriň Londondaky ýeňşi bilen tamamlandy. Angliýanyň paýtagtyndaky «Wembley» stadionynda oýnalan finalda Italiýanyň ýygyndysy penaltileriň netijesinde ýeňşini baýram etdi. Ýagyşly howada başlan oýunda Niderlandlardan Býorn Kuipers jürlewük çaldy. Oýna 67173 janköýer tomaşa etdi.
Çekeleşikli geçen oýunda eýýäm 2-nji minutda Luk Şow iňlisleri öňe saýlady. Bu gol Ýewropa çempionatlarynyň finalynda derwezä urlan iň çalt gol hökmünde hasaba alyndy (1 minut 56 sekunt). Bu goldan soň oýnuň jylawyny ele alan italýanlara hasaby deňlemek 1-nji ýarymda başartmady. 2-nji ýarymda hüjümiň depginini has-da güýçlendiren Italiýanyň ýygyndysy 67-nji minutda burçdan ýerine ýetirilen urgudan soň hasaby deňlemegi başardy. Bu goly toparyň tejribeli goragçysy Leonardo Bonuççi derwezä girizdi. Goldan soňam italýanlar oýnuň jylawyny özünde sakladylar. Netijede, amatly pursatlar döredilse-de, oýnuň esasy wagty 1–1 deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtda-da üýtgän zat bolmady we ýeňijini 11 metrlik urgulary kesgitlemeli boldy. Bu urgularda italýanlardan 3 futbolçy – Berardi, Bonuççi, Bernardeski takyk urmagy başardy. Belotti bilen Žoržinionyň urgularyny-da derwezeçi Pikford sowdy. Iňlislerden 1-2-nji urgulary degişlilikde, Keýn bilen Maguaýr ýalňyşsyz ýerine ýetirdi. Tälimçi Sautgeýtiň ýörite penaltiler üçin oýna salan ýaş futbolçylary – Reşford bilen Sanço hem-de Saka ynanylan tamany ödäp bilmediler. Reşfordyň urgusy sütüne degen bolsa, beýleki ikisiniň urgularyny Donnarumma saklady.