Döwür bilen aýakdaş gitmeli

15 Iýul 2021
1867

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we ylmy işläp taýýarlamalary döwrüň talaplaryna laýyklykda önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen tehnologiýa taýdan häzirki ösen döwür bilen aýakdaş gitmek ugrunda yzygiderli çäreler görülýär. Bu ugurda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, önümçilik we hyzmat ediş ulgamlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ilatyň internet hyzmatlaryndan peýdalanyşynyň gerimini giňeltmek boýunça ençeme işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, raýatlarymyzyň internet-kafeleriň hödürleýän hyzmatlaryndan peýdalanýanlarynyň sany barha artýar.