Türkmenistan — BMG: wajyp wezipeler, täze çemeleşmeler

7 Iýul 2021
1274

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň 75-nji ýubileý mejlisinde eden wideoýazgy çykyşynda: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi syýasatda, ykdysadyýetde, daşky gurşawy goramak işinde, ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde deňhukukly, hormat goýmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, Ýer ýüzüniň tebigy serişdelerini adalatly we netijeli paýlamak, bosgunlara, göçe-göçlükde ýaşaýanlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek we goldaw bermek, häzirki zaman dünýäsiniň ençeme beýleki möhüm meselelerini çözmek üçin çagyryşdyr hem-de şertleriň döredilmegidir» diýip, Bitaraplygyň türkmen nusgasyna beren anyk kesgitlemesini ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň, halkara giňişlikde ileri tutýan garaýyşlarynyň esasy çelgisi hasaplamak bolar. Milli Liderimiziň 5-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen geçiren duşuşygy baradaky söhbedimizde-de hut şu jümläni esas edip almagy maksadalaýyk hasapladyk.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatyna yzygiderliligiň, toplumlaýynlygyň hem öňdengörüjilikli çemeleşmäniň mahsusdygyny geçilen ýyllaryň tejribesi aýdyň görkezýär. Türkmenistan soňky 15 ýyla golaý wagt bäri, daşary syýasatyny-da şeýle çemeleşme bilen amala aşyryp, dünýäniň syýasy giňişligine üstünlikli goşulyşýar, ählumumy meseleleriň çözgüdi babatda öz sözüni aýdyp, abraýly münberlerde olaryň giňden ykrar edilmegini gazanýar. Sözümizi delillendirmäge mysal näçe diýseň kän: Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman taryhynda hemişelik Bitaraplyk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolmagy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji we 75-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanmagy, guramanyň abraýly düzümleriniň ençemesinde agza bolup, ählumumy tagallalara işjeň gatnaşmagy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň Aşgabatda ýerleşdirilmegi, Gündogar Ýewropa we GDA sebitinde soňky 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitlän ilkinji ýurt hökmünde ykrar edilmegi, milli Liderimiziň başlangyjy bilen häzirki zaman gün tertibiniň wajyp ugurlary boýunça Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň 15-siniň biragyzdan kabul edilmegi, BMG-niň çäginde parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň döredilmegi... Biz bu sanawy has uzaldybam bileris, ýöne türkmen diplomatiýasynyň gazanan diňe şu ýeňişleri-de ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki abraý-mertebesiniň näderejede belentdedigini, Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşy hökmünde onuň Tertipnamasynyň baş ideýalaryna — Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we adam hukuklaryny üpjün etmäge gyşarnyksyz eýerýändigini Aý dogan ýaly aýan edýär.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».