Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen ähli ugurdaky, şol sanda söwda-ykdysady babatdaky hyzmatdaşlygy barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Geçen hepdede Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde türkmen paýtagtynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha ösdürilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Gepleşikleriň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda söwda-ykdysady, ulag, energetika, senagat, oba hojalygy we beýleki pudaklar hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi. Ylaýta-da, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak esasy wezipeleriň biridir. Iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmek üçin bolsa uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu jähetden, telekeçilik işi üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini döretmegiň, işewürleriň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergileriniň guralmagynyň möhümdigi barada aýratyn bellenilip, türkmen we gyrgyz kompaniýalaryny iki ýurduň çäklerinde durmuşa geçirilýän bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna çekmäge döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça teklipler aýdyldy.