Gözel tebigatymyzy goralyň!

4 Iýul 2021
1636

Döwletimiziň ekologiýa syýasaty tebigy gurşawyň ýokary hilini üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmäge, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň Garaşsyz döwletimiz sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny wagyz edýän we şol abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýan ýurt hökmünde bellidir» diýip bellemegi ýurdumyzyň tebigaty goramak baradaky strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýandygynyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda ýer we ýerasty baýlyklaryň, suwlaryň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň hem-de beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi baradaky konstitusion kada öz beýanyny tapdy. Esasy Kanunymyzyň 53-nji maddasynda bolsa: «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär.

Gurbanmyrat Orazmyradow,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 108-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi.