Aşgabat duşuşygy: strategik hyzmatdaşlygyň täze çelgileri

3 Iýul 2021
1296

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň jemlerine

Ýer ýüzüniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, sebit we dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürýän Türkmenistan bu gün ygtybarly hem ynamdar hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Mizemez dost-doganlyk ýörelgeleri, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän köpasyrlyk ruhy, medeni umumylyklar nazara alnyp, strategik derejä çykarylan türkmen-gyrgyz gatnaşyklary bolsa iki ýurduň Liderleriniň tagallalary esasynda ösüşiň täze basgançagyna gadam goýdy. 27-28-nji iýunda Türkmenistana resmi saparyny amala aşyran Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bu hakykaty dolulygyna açyp görkezýär.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».