Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmak, importyň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini ýola goýmak, döwletiň hususy bölegini ösdürmek, ähli pudaklarda sanly ulgamy giňişleýin ornaşdyrmak ýaly ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bazar ykdysadyýetiniň döwrebap şertlerinde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerinde ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak esasy maksatlaryň biridir. Şeýle hem ilatyň pul-karz, durmuş-ykdysady goraglylygyny üpjün etmek, bank we maliýe hyzmatlaryndan işjeň peýdalanmakda ýeňillikleri döretmek hem-de bu babatda höweslendirmek ýaly şertleriň gerimi barha giňeldilýär. Döredilýän ähli amatlyklar bolsa, bank hyzmatlaryndan peýdalanýan ilatyň we ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artmagyna, netijede bolsa ýaşlarymyzyň maliýe taýdan başarnyklarynyň has hem ýokarlanmagyna getirýär.