Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri

24 Iýun 2021
2291

Hormatly Prezidentimiz döwletimizi ösdürmegiň hemmetaraplaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şol sanda energetika ulgamynyň hem toplumlaýyn ösdürilmeginde ekologiýa abadançylygynyň, daşky gurşawyň arassalygynyň kesgitleýji ölçeg bolmagyny hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm ähmiýete eýedir.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak bilen energiýany öndürmek, energetika ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak bu ugurdaky kanunçylygyň esasy maksady bolup durýar. Gün energiýasy, ýel energiýasy, suw akymlarynyň tebigy hereketiniň energiýasy, Ýeriň we daşky gurşawyň ýylylyk energiýasy we beýlekiler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini emele getirýär.

Jumamyrat NAZAROW
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.