Gün daşy

24 Iýun 2021
1960

Geliolit daşy, adatça, sary reňkde bolansoň, ol «Gün daşy» diýlip hem tanalýar. Ýöne onuň ýaşymtyl mawy, gyzylymtyl sary, mele we mämişi reňklerine hem seýrek-de bolsa, duş gelinýär. Geliolit daşy ýarym gymmat bahaly daşlaryň sanawyna girmezden, şeýle-de özüni ykrar etdirmezden we adyna eýe bolmazdan ozal synag we derňew baryny geçdi. Daşyň ilkinji resmi ady «natristyý spodumen» diýlip atlandyrylýar. Bu mineraly şeýle üýtgeşik at bilen 1824-nji ýylda şwed alymy Berselius atlandyrýar. Iki ýyl geçensoň, nemes minerology Fridrih Breýtgaupt bu daşyň adyny «oligoklaz» adyna çalyşýar. Diňe 1841-nji ýylda bu gadymy mineral häzirki geliolit adyna eýe bolýar. Geliolit grek sözi bolup, «Gün daşy» diýen manyny berýär.

Bu daşyň döreýşi barada birnäçe rowaýatlar hem bar. Olaryň birinde şeýle diýilýär: Dünýäniň dörän döwri Ýer ýüzünde suwdan başga hiç zat ýokmuşyn. Şeýle-de irden Gün dogýarmyş. Günüň hem aňyrsy-bärsi görünmeýän giň ummanda öz sudruny synlamakdan başga edýän işi ýokmuş. Bir gün özüni synlap ýadan Gün gije dogan Aýy görüp, onuň bilen tanyşmak isläpdir. Ýöne Aý ondan gaçýarmyş. Gün muňa düşünmän, bir hepdeläp ony kowalapdyr, onda-da gabatlaşyp bilmändir. Gün muňa gynanyp, aglanmyş. Onuň gözlerinden akan gyzgyn ýaşlar ýere düşüp, daşa öwrülenmiş.

Taýýarlan: Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».